Dillerde beýik şahyryň waspy
«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy» diýen at bilen Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň guramagynda aýdym-sazly çäre geçirildi. Gyzykly geçen çärede çykyş edenler, ilki bilen, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň milli edebiýatymyzyň ösmegine, baýlaşmagyna goşan goşandy, çuňňur many-mazmunly, watansöýüjilige, päk ahlaklylyga çagyrýan goşgy setirleri dogrusynda söhbet etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň köňlünden taraşlap şagladan şygyrlarynyň her bir ýaş nesil üçin gymmatly hazynadygy buýsançly bellenildi.
Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatyna çuňňur pelsepä ýugrulan eserlerini bagyş etdi. Beýik söz ussadynyň şygyrlaryndaky parahatçylyk, asudalyk, hoşniýetlilik, ýokary ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik baradaky oý-pikirler ynsanda oňat adamkärçilik sypatlaryny terbiýeleýär.
Çärede soňra Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Talyp ýaşlardan düzülen «Bagşylar» toparynyň akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryna döredilen halk aýdymlary ýerine ýetirmekleri has-da täsirli boldy.