
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
Paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmen halyçylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda il-günümiziň ruhy gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, dünýägaraýşyny, ýürek arzuwlaryny göllerdir nagyşlaryna siňdiren halylar bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr. Merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň özboluşly alamatydyr.