
Sport
20.04.2024
342
Dört oýun — dört ýeňiş
Ýurdumyzyň “Galkan” topary geçiren dört duşuşygynyň ählisinde hem ýeňiş gazanyp, paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň finalyna çykmagy başardy. 4-nji tapgyryň duşuşygynda türkmen hokkeýçileri Özbegistanyň “Feniks” toparyndan 9:1 hasabynda üstün çykdylar. Bu oýunda bäş şaýba geçiren Perhat Atekäýew bolsa geçiren şaýbalarynyň umumy sanyny 9-a ýetirip, iň köp tapawutlanan hokkeýçileriň sanawynda birinji orna geçdi.