
Dostluk mekanyndaky dabaralar
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe günläp dowam eden «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly sungat muşdaklarynda uzak wagtlap ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi hem-de Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralan festiwalda Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan gelen, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tans we folklor sungatynyň köpöwüşginliligini açyp görkezdiler. Ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy tomaşaçylarda, şol sanda festiwala gatnaşyjylarda örän ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle buýsanç duýgulary festiwalyň çäklerinde aýratyn orun alan «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahatda hem aýdyň ýüze çykdy. Festiwalyň çäklerinde geçirilen döredijilik duşuşyklary, tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary, halk döredijilik, folklor-etnografik toparlarynyň çykyş edip, öz halkynyň milli sungatyny görkezmekleri, «Rowaç» gämisinde açyk deňze gezelenjiň guralmagy halkara çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Halkara festiwalyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylyp, «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Dabarada oňa gatnaşyjy döredijilik toparlarynyň bilelikdäki jemleýji konserti tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary arkaly garşylandy. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birleşen folklor we tans toparlarynyň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilen küştdepdi tansy şanly ýyla bezeg beren halkara festiwalyň jemleýji çykyşyna öwrüldi.