Döwrebap desgada işler rowaç
“Balkanwelaýatagyzsuw” önümçilik birleşiginiň “Gyzylarbatagyzsuw” müdirliginiň Gyzylarbat şäherindäki agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň umumy meýdany 4,5 gektardan ybarat bolup, ol bir gije-gündizde 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga ukyplydyr. Desganyň bölümlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Germaniýa, Awstriýa, Italiýa, Wengriýa ýaly döwletlerden getirilen kämil enjamlar oturdylypdyr. Suw üpjünçiligi Garagum derýasynda ýerleşýän açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edýän desgada taýýarlanýan arassa agyz suwuny geljek ýyllarda etrabyň çägindäki “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda gurulýan täze döwrebap oba umumy uzynlygy 156 kilometre deň bolan turba geçiriji arkaly ýetirmek göz öňünde tutulýar. Amala aşyrylyp başlanan bu möhüm taslama ýolugra etrabyň Tutly, Garabogaz we Çerkezli obalarynyň ýaşaýjylaryny hem arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün eder. Şu ýylyň ýazynda ulanyşa berlen agyz suw arassalaýjy desganyň işläp başlan gününden bäri 540 müň kub metrden gowrak arassa agyz suwy ilata ýetirildi.