Döwrebap guşçulyk toplumy

Ykdysadyýet
16.09.2025
116

Döwrebap guşçulyk toplumy

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň öndürýän azyk önümleri daşarky bazarlarda hem bäsleşmäge ukyplydyr. Ýyllyk kuwwaty 8-16 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumynda towuklary talabalaýyk idetmek we köpeltmek üçin ähli şertler bar. Bu ýerde idedilýän towuklar, esasan-da, ýumurtga berijiligi bilen tapawutlanýar. Guşçulyk toplumynda iş depgini barha artýar. Kärhana ýurdumyzda ilkinji bolup, inkubasiýa boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Ýylda 12 million jüýje çykarýan inkubator toplumy broýler guş etini hem-de ýumurtgany senagat möçberinde öndürmäge mümkinçilik berýär. Şunda häzirki zaman guşçulyk pudagynda synagdan geçirilen tehnologiýa peýdalanylýar. Toplumda öndürilýän ýumurtga we et önümleri söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirilýär. Bu ýerde sagatda 10 tonna iým öndürýän zawodyň işi hem ýola goýlup, guşlar üçin ot-iým önümçiligi kemsiz özleşdirilendir.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde