Döwrebap tejribelere daýanylýar
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekde ýokary işjeňlik görkezýän hususyýetçileriň öndürýän azyk önümleri sarp edijileriň ýokary islegine eýe bolýar. Hususy eýeçilikde döwrebap tejribelere daýanyp, köpugurly işleri alyp barýan «Nurly meýdan» daýhan hojalygy hem şolaryň biridir. Telekeçilere döredilýän amatly şertler we ýeňillikler bu daýhan hojalygynyň has-da ösmegine ýol açýar. Ýeňillikli karzlaryň berilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikler we eksport işleriniň goldanylmagy hususy pudakda işleriň öňe ilerlemegine oňyn täsir edýär. Daýhan hojalygynyň ösüşi täze iş orunlarynyň döredilmegine hem mümkinçilik berýär. Daýhan hojalygynda önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek öňde durýan esasy maksatlaryň biridir. Geljekde täze ekin görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi hem-de gaýtadan işlenilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy, şeýle hem täze eksport ugurlarynyň açylmagy daýhan hojalygynyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.