Döwrebap toplumdaky işler

Ykdysadyýet
16.06.2023
387

Döwrebap toplumdaky işler

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmen toplumynda ýokary hil talaplaryna laýyk taýýarlanýan un täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. Toplumyň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan degirmeni her ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir. Göwrümleri, degişlilikde, 50 müň we 30 müň tonna däne saklaýan elewatorly, her gije-gündizde 200 tonna däne üwemäge niýetlenip gurlan degirmen toplumynda ýörite çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her birinde 8 müň 333 tonna däne islendik howa şertlerinde talabalaýyk saklanylýar. Önümçilik sehi, elektrik bekedi, suw arassalaýjy desga, arassaçylyk-durmuş gullugynyň jaýy, däne ýüklemäge we düşürmäge niýetlenen bölüm, ammar jaýlarydyr beýlekiler bu ýerde gündelik işleri netijeli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu desgadaky işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Topluma demir ýol şahasy we awtomobil ýoly barýar. Bu ýerde dänäniň agramyny çekmek üçin uly gapanlaryň üçüsi bar. Toplumda tehniki we beýleki maksatlar üçin ulanylýan önümçilik hem-de ygal suwlary bir ýere ýygnalýar, gaýtadan arassalanylýar we toplumyň howlusyndaky baglary suwarmak üçin peýdalanylýar.

«Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň degirmen toplumynda işler şu günlerem gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 120 göterime golaý ýokarlandyrmagy başaran toplumyň hünärmenleri şu ýylyň galla oragy möwsüminde ýygnaljak azyklyk ak bugdaýyň hasylyny bökdençsiz kabul etmek we ony gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine getirmek üçin önümçilik düzümlerini irgözinden doly taýýarladylar.