Dünýä rekordynyň eýeleri

Sport
08.11.2025
135

Dünýä rekordynyň eýeleri

Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aly Oraşow we Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Batyrow paýtagtymyzda geçirilen «Kids EXPO»: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde guralan bäsleşikde dünýä rekordlaryny goýmaklygy başardylar. Aly Oraşowyň goýan rekordy «Çalt flaş anzan» görnüşinde bolup, ol 0,3 sekunt tizlik bilen çalşyp duran 150 sany 2 belgili sanlary goşmak boýunça öz ukybyny görkezdi. Bu ugurda yzygiderli 5 gezek dogry netije görkezibem dünýä rekordyny goýdy. Mekan Batyrow bolsa 8 belgili sanlary 8 belgili sanlara 10 gezek ýatdan çalt we dogry köpeltmek boýunça 172,22 sekunt netije görkezip, dünýä rekordyny täzelemegiň hötdesinden geldi. Netijede, «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynyň diňleýjileriniň gazanan rekordlary «MEMORIAD» Bütindünýä zehin sportlary federasiýasy tarapyndan hasaba alyndy we ýeňijilere degişli sertifikatlar gowşuryldy. Okuwçylarym Mekan bilen Aly köp adamyň gysga wagtda kalkulýatorda hasaplap biljek sanlaryndan hem has köp sany ýatdan goşup, köpeldip we bölüp bilýärler. Olarda uly höwes bar. Höwesiň, yhlasyň bar ýerinde-de hemişe üstünlige ýeip bolýar — diýip, dünýä rekordçylaryny bäsleşige taýýarlan, «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasynyň mugallymy Allanazar Tagannazarow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde