Dünýäde islegli önümler

Ykdysadyýet
26.02.2024
159

Dünýäde islegli önümler

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawody ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan karbamid döküni bilen oba hojalyk toplumyny doly üpjün etmäge, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmaga saldamly goşant goşýar. Döwrebap kärhananyň Garabogaz aýlagynyň golaýynda gurulmagy ýöne ýerden däl. Çünki bu aýlagyň duzly erginlerinde natriý sulfatynyň, magniý duzunyň, bişofitiň we epsomitiň ägirt uly gorlarynyň özleşdirilmegi himiýa senagatynyň giň mümkinçiliklerinden habar berýär.

Kärhananyň ammiak önümçiliginde Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tehnologiýalary ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde karbamid önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän ammiak öndürilýär. Onuň ýyllyk kuwwaty 660 müň tonna ammiaga deňdir. Şonuň ýaly-da, Italiýanyň «Saipem Espieý» kompaniýasynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenilendir. Kärhananyň Hazar deňziniň kenarynda gurulmagy öndürilýän karbamid dökünini has amatly şertlerde dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär.

Kuwwatly kärhana ammiak, karbamid ammarlaryny, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Kärhanada öndürilýän karbamid döküni gämiler arkaly daşarky bazarlara iberilýär. Olara Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Şwesiýa, Türkiýe, Eýran, Gazagystan, Özbegistan we Owganystan ýaly döwletler uly isleg bildirýärler. Öndürilýän önümiň belli bir bölegi bolsa ýöriteleşdirilen awtoulaglar arkaly demir ýol menziline daşalyp, içerki sarp edijilere ugradylýar.