Dünýäde sarpaly sene
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzyň çar künjeginde giňden bellenilip geçildi. Balkan welaýaty boýunça esasy baýramçylyk çäreleri Balkanabat şäherinde ýaýbaňlanyp, şol gün ir säherden “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndan köpugurly welosipedli ýörişe badalga berildi. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar birnäçe kilometre uzan baýramçylyk ýörişini ýokary ruhubelentlikde geçdiler. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolan ýörişe gatnaşyjylar ýol ugrunda welaýat merkeziniň gözelliklerine syn etdiler, medeni-sport çäreleriniň şaýatlary boldular.
Şeýle-de, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Onda ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlanyp, welaýatymyzyň türgenleriniň ýurt we halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanan medallary, Kuboklary, Hormat hatlary görkezildi. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlarda bolsa ajaýyp zamanamyzyň, eziz Watanymyzyň, sportuň waspy belentden ýetirildi.