Dünýäde ýokary islegli önümler
Welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynda 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen Gyýanlydaky polimer zawody — polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň ösüşinde taryhy wakalaryň biri boldy. Sebäbi sebitde iri senagat kärhanalarynyň birine öwrülen polimer zawody ummasyz gorlara daýanýan tebigy çig mal serişdelerimizi senagat taýdan toplumlaýyn işlemekde geljegi uly bolan ilkinji taslamalaryň hatarynda mynasyp orun aldy.
Döwrebap zawodda ýylda 5 milliard kub metr «mawy ýangyjy» senagat taýdan düýpli işlemäge ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa, öz nobatynda, şonça möçberdäki tebigy gazdan 386 müň tonna polietileni hem-de 81 müň tonna polipropileni almaga şert döredýär.
Gyýanlydaky polimer zawodynda tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilen hem-de polipropilen çig mal serişdeleri dürli önümçiliklerde giňden peýdalanylýar. Mysal üçin, külkelenen polipropilen polimer plýonkasyny, emeli süýümi, termoplastlary, turbalary, berk tanaplary, gaplaýjy serişdeleri, mebelleri, dürli polimer önümlerini, awtoulaglar üçin süzgüçleri, azyk önümleri üçin gaplary taýýarlamakda esasy çig mal serişdeleriniň biri bolup durýar. Häzirki zaman kärhanasynda öndürilýän polimer hem önümçiligiň dürli pudaklarynda möhüm ähmiýetli gymmatly çig mal serişdesidir. Bu çig mal serişdesine sarp edijileriň arasynda islegiň durnukly artmagy muňa doly güwä geçýär. Zawodyň önümi Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Owganystan döwletleriniň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Ýurdumyzyň hususy işewürleriniň hem polipropilen we polimer önümlerini dürli harytlary öndürmekde üstünlikli özleşdirýändikleri bellenilmäge mynasypdyr.