Dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň taryhy 1943-nji ýylda — Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Tuapseniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň enjamlarynyň göçürilip getirilmegi netijesinde başlandy we birnäçe gezek döwrebaplaşdyrmak we kuwwatlylygyny artdyrmak işleri geçirildi. Esasanam, ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazananyndan soň zawodlar toplumy düýpgöter özgerip, häzirki wagtda nebiti gaýtadan işlemekde dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň birine öwrüldi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini öndürmek hem-de olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar. Zawodlar toplumynyň önümçilik desgalarynyň düzümine nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň birnäçesi, şeýle-de nebiti gaýtadan işlemekligiň çuňlugyny artdyrýan, nebiti ikinji gezek gaýtadan işleýän desgalar girýär. Elektrik toguny öndüriji gazturbina desgasy, deňiz suwuny süýjediji desgalar, bug öndüriji, gaýtadan peýdalanylýan suwy sowadyjy, nasos beketleri, rezerwuar parklary, elektropodstansiýalar we beýleki kömekçi desgalar toplumyň tehnologiki önüm öndürýän desgalarynyň bökdençsiz işini üpjün edýärler. Zawodlar toplumynda nebit we nebithimiýa pudagynyň önümleriniň esasy görnüşleri öndürilýär. Olaryň hatarynda awtomobil benzinlerini, reaktiw dwigateller üçin ýangyjy, yşyklandyryjy we tehniki maksatlar üçin kerosinleri, az kükürtli nebitden L-02-62 kysymly dizel ýangyjyny, ekologiki taýdan arassa wodorod bilen arassalanan dizel ýangyçlaryň dürli görnüşlerini, Ýewrostandartlaryň talaplaryna laýyk gelýän EKO-4 we EKO-5 dizel ýangyçlaryny, durmuşda ulanylýan peç ýangyjyny, polipropileniň dürli görnüşlerini, dürli görnüşli polipropilen haltalaryny, esas ýaglaryň 5 görnüşini we haryt ýaglaryň 40-a golaý görnüşini, grafitirlenen önümler üçin umumy we gyzdyrylan nebit kokslaryny, az kükürtli ýakyş garaýagyny, gurluşyk we ýol nebit bitumlaryny, dürli maksatlar üçin dürli galyňlykly polipropilen örtüklerini görkezmek bolar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümleri Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar döwletlerine eksport edilýär.