«Dürdänede» dynç alsaň, göwnüň hoş bolar

Jemgyýet
14.07.2025
327

«Dürdänede» dynç alsaň, göwnüň hoş bolar

Tomusky dynç alyş möwsüminiň häzirki günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri al-asmana göterilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem şeýle şatlykly pursatlaryň şaýady bolýarsyň. Bu ýerde häzirki wagtda dynç alşyň ikinji möwsümi dowam edip, çagalaryň 300-si wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirýärler. Merkezdäki sport meýdançasy, sport zaly, suw howuzlary, kompýuter otaglary, kinozal, amfiteatr, naharhana, kitaphana, mejlisler zaly çagalaryň hyzmatynda. Öz perzentlerini görmäge gelýän ene-atalara niýetlenilen myhmanhanada hem ähli mümkinçilikler döredilen. Merkezde «Miras», «El hünäri», «Şaşka», «Ýaş türgenler», «Zähmet», «Kompýuter», «Iňlis dili», «Aýdym-saz» ýaly birnäçe gurnaklar hereket edýär. Her bir çaga öz halaýan ugry boýunça gurnaga gatnap, wagtlaryny gyzykly hem peýdaly geçirýär. Çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, surat çekmek, çeper eserleri labyzly okamak, ýatdan goşgy aýtmak ýaly bäsleşikler yzygiderli guralýar. Ýeňiji bolan çagalara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.

Täze habarlar