Durmuşda ähmiýetli çäre

Çäreler
01.04.2025
47

Durmuşda ähmiýetli çäre

Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň guramagynda durmuşyň kynçylykly ýagdaýlarynda, tebigy betbagtçylyklarda heläkçilige uçran adamlara ilkinji kömegi bermegi, şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigini öwredýän okuw sapaklary geçirildi. Şol okuw sapaklarynda öwrenilenleri berkitmek üçin «Dogry berlen kömek ömri halas eder» atly tälim-okuw çäresi hem guraldy. Oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň wekilleri, meýletinçiler, Balkan welaýat Raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň işgärleri, mugallymlar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşanlar toparlaýyn çykyş edip, adatdan daşary ýagdaýlarda, tebigy betbagtçylyklarda heläkçilige uçranlara ilkinji kömegi bermegiň kadalary boýunça alan düşünjelerini hereketleriň üsti bilen düşündirdiler, adatdan daşary ýagdaýlarda mekdep okuwçylaryny göçüriş meýdançasyna (ewakuasiýa) çykarmakda başarnyklaryny görkezdiler. Çäräniň ahyrynda edilen çykyşlara hünärmenler tarapyndan seljerme işleri geçirildi we maslahatlar berildi.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde