Dutar ussasy
Baýgeldi Mämmedow 1949-njy ýylda Magtymguly etrabynyň Gyzyl obasynda eneden dogulýar. Oba mekdebini tamamlap, 1965 — 1969-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gyjak bölüminde okaýar. Ol soňra Serdar etrabynyň sazçylyk mekdebine ugradylýar we okuwçylara tälim beren ilkinji ýyllaryndan başlap, bu gadymy we müdimi senedi ýasamaga höwes bildirýär.
1977-nji ýylda dutar mugallymy Baýrammyrat Rejepow bilen Baýgeldi mugallym ussaçylyk ýoluna başlaýarlar. Birbada halypa görmedik ýigitlere bu käri ele almak aňsat düşmändir. Olar bu täsin senediň inçe usullaryny öwrenmek üçin ussat halypa Aman Nurgeldiýewlere barýarlar. Aman aga olary mähir bilen garşylaýar we dutar ýasamagyň inçe tilsimlerini ak ýürekden öwredýär. Şeýlelikde, Baýgeldi bu senede ökdeläp, ezber ussa bolup ýetişýär.
Baýgeldi halypa diňe bir dutar ýasamak bilen çäklenmän, öz okan ugry bolan gyjak saz guralyny hem ussatlarça ýasamagy başarýar. Döwlet derejesinde geçirilýän birnäçe sergilere özüniň ýasan saz gurallary bilen gatnaşyp, Hormat hatlary, diplomlar bilen sylaglandy.
Ol Serdar etrabynyň çagalar sungat mekdebinde gyjak mugallymy hünärinde elli ýyl töweregi zähmet çekip, ençeme şägirtlere halypaçylyk etdi. Häzirki wagtda Baýgeldi mugallym eşretli döwrümiziň hözirini görüp, hormatly dynç alyşda özüniň ussaçylyk kärini dowam etdirýär. Onuň ogullary kakasynyň ýoluny dowam etdirýärler: Azat — dutar-gyjak ussasy, Mekan bolsa etrabyň çagalar sungat mekdebinde ýaş nesle gyjak saz guralyndan tälim berýär.
Halypanyň ýasan dutarlary we gyjaklary sazandalaryň, bagşylaryň ellerinde toý-baýramlarda belentden ýaňlanýar. Ol türkmen toýlarynda N.Gulow, A.Gowşudow, S.Saparow, O.Döwletsaparow ýaly ussat bagşylaryň ýanynda gyjakda sazandarlygam edipdir.