Dutarda saz çalmagyň ussady
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Balkan welaýatyndan dutarda türkmen halk sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde harby bölümiň harby dirižýory — orkestriň müdiri Gaýgysyz Geldimämmedow ýeňiji diýlip yglan edildi we hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyryna mynasyp boldy. Dutarda saz çalmaga bolan höwes ýaş zehini orta mekdepde okap ýören döwründe Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebine getirýär. 2013 — 2017-nji ýyllarda bolsa ol Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby hökmünde aýdym-saz älemine has içgin aralaşýar. G. Geldimämmedowyň dutarda saz çalmakda barha kämilleşmeginde 2017 — 2022-nji ýyllar aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okan döwürleri aýratyn uly orun eýeleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda «Ynjytma» atly türkmen halk sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ýeňiji bolan Gaýgysyz Geldimämmedowyň begenjiniň, buýsanjynyň çägi ýok. Kalby milli aýdym-sazymyza bolan söýgüden doly sazanda öz öňünde uly maksat goýdy. Ol hem türkmeniň milli saz äleminiň ägirtleriniň ýoluny mynasyp dowam etdirmek, şirin sazlary ösüp gelýän ýaş nesillere öwretmek. Şeýdibem halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat-dowam bolmagyny gazanmak. Şu maksatdan ugur alyp, bu inçe sungaty ýaşlara, aýratynam, ýaş esgerlere öwretmekde ol yhlasyny gaýgyrmaýar.