Medeniýet
26.02.2024
115
Düwmeli gulakhalka
Türkmen zergärleri gelin-gyzlarymyzy şaý-sepler bilen bezemekde aýratyn yhlas görkezip, ajaýyp şaý-sepleri ýasapdyrlar. Şol şaý-sepleriň arasynda gulakhalka aýratyn orun tutupdyr. Oňa başgaça ysyrga hem diýilýär. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan gulakhalka XIX asyrda sünnälenip ýasalypdyr. Aşagy düwmeli, gaşly, ýüzi nagyşlar bilen bezelen, göwrümi uly bolan gulakhalka ýaşuly zenanlara niýetlenendir. Ol kümüşden galyplama, kebşirleme, ýençme, deşme usulynda ýasalypdyr. Zenanlar ony gulaga agram salmazlygy üçin, sapagy gulagyň üstünden aýlap gulakhalkanyň iki tarapyna berkidip dakynýarlar.
Täze habarlar
Syýahatçylyk
Syýahatçylyk
Taryh
Medeniýet