Düýe esbaplary
Halkymyzyň durmuşynda düýedarçylyga möhüm orun eýeläpdir. Şonuň üçinem düýe esbaplaryna aýratyn üns berlipdir. Bu esbaplar hem bezeg bolupdyr, hem-da dürli hyzmatlary ýerine ýetiripdir. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň.
Düýehalyk ýa-da halyk. Ol halydan, keçeden we şuňa meňzeş zatlardan taýýarlanyp, düýäniň arkasyna atylýar. Köplenç gelnalyja gidilende, düýäniň howudynyň iki ýan gapdalyndan asylypdyr. Şonuň ýaly-da oňa halygam diýilýär. Düýä özbaşdak ýa-da howudynyň aşagyndan örküç ýeri deşilip salynýan galyň keçä halyk diýilýär. Halk döredijiliginde
“Ak kejebäň halygy,
Akar suwuň balygy”,
ýa-da
“Bu derýa balyklydyr,
Düýämiz halyklydyr”
diýen setirler bar.
Düýebaşlyk. Ol dürli mata böleklerinden dörtburç öýjükler görnüşinde bezelip, alajaly, gotazly bolýar. Bu hem gelnalyja gidilende, düýäniň üstüne atylypdyr.
Ýürek. Içinde arkaýyn oturar ýaly keçeden, palasdan, halydan düýäniň howudynyň üstünde edilýän aýlaw.
Hatap. Howudyň öň tarapynyň üstüne goýulýan haçja görnüşli dört sally agaç esbap.
Howut. Münmek, ýük urmak üçin düýäniň arkasyna salynýan hataply enjam. Ol berk agaçdan ýasalýar. Howut salnanda adamyň ornaşykly oturmaga mümkinçiligi bar.
Owsar. Düýäniň kellesine salynýan demir dişli nogta.
Büýli. Düýäniň burny deşilip ötürilýän ik şekilli, bir ujy haçjaly, beýleki ujy epenekli agaç, taýajyk.