
Düýebaşlyk
Türkmeniň «çöl gämisi» hasaplaýan arwana düýesi onuň milli gymmatlygydyr. Biziň ene-mamalarymyz düýe maly üçin el işleriniň dürli nusgalaryny taýýarlapdyrlar. Şeýle işleriň biri-de düýe üçin dokalan düýebaşlykdyr.
Düýebaşlyk dürli-dürli dörtburç mata parçalaryndan küşt tagtasynyň öýjükleriniň görnüşinde dokalypdyr. Alaja, gotaz, seçek, owazly düwmejikler haly görnüşinde dokalýan düýebaşlygy has-da owadan görkezipdir. Düýebaşlyk düýpli gyňaçlaryň nagyşly parçalaryndan, kürteler, çyrpylar ýaly keşdelenip hem taýýarlanylýar. Ol toý edilende düýäň kellesinden başlap tutuş üstüne atylypdyr. Üsti kejebeli düýe ýola düşüp, gadam urup ugranda, tutuş synasyny örtüp duran düýebaşlyk ony diýseň owadan görkezipdir.