
Düzmergeniň datly miweleri
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedow Balkanabat şäheriniň Düzmergen ýaýlasynda döwlet tarapyndan 99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen ýer böleginde dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirýär. Bu ýerde ösüp oturan alma, erik, armyt, şetdaly, garaly, beýi ýaly baglaryň ir, aralyk we giç ýetişýän görnüşleri bar. Olardaky miweleri ýygnap almak güýz paslynyň ilkinji aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Dag etegindäki ýaýlada ussat bagbanyň kärendesine alan ýerine, miweli baglara edýän hyzmaty görüp, göwnüň göterilýär. Bu ýerde bäş gektar meýdanda 5,5 müň miweli bag bolup, olar bol miwe getiripdir.
— Miweli agaçlaryň bol hasyl bermeginde suwuň we döküniň uly orny bar. Şundan ugur alyp, ekerançylyk ýerlerimizde damjalaýyn suwaryş ulgamyny ornaşdyrdyk. Bu ulgam arkaly her bir miweli bag özüne gerekli suwy we döküni alyp, ýokary hasyl bermäge ukyply bolýar.
Şu ýylyň hasyly ýygnalyp başlanandan bäri, erik, alma, garaly, şetdaly ýaly miweleriň 4 tonnadan gowragy söwda bazarlaryna satuwa ugradyldy. Ýakyn wagtda armyt bilen beýiniň ýygymyna girişmegi hem göz öňünde tutýarys. Geljekde biz ekologiýa taýdan arassa, tebigy miweleri gaýtadan işläp, olardan ýokary hilli kak önümlerini taýýarlamagy maksat edinýäris — diýip telekeçi Halmämmet Amanmämmedow gürrüň berýär.