Ykdysadyýet
06.06.2023
364
Duzuň öndürilişi artýar
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasynda öndürilýän nahar duzy ýurdumyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň himiýa pudagynyň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan kärhanada 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 24 müň 693 tonnadan geçip, meýilnama 107 göterim hötde gelindi. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän, taýýarlanylýan nahar duzuny sebitde ilkinji bolup ýodlaşdyrmagy üstünlikli ýola goýan «Guwlyduz» kärhanasynda nahar duzuny ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyryk 171 göterim ýerine ýetirildi.