Ekologiýa taýdan arassa önümler

Ykdysadyýet
13.12.2024
209

Ekologiýa taýdan arassa önümler

Uly Balkan dagynyň etegindäki Düzmergen ýaýlasyndan miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem döwrebap ýyladyşhanany gurmak üçin 22 gektar ýeri 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga alan telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň bu günki yhlasy ýerine düşýär. Bu ýerde zähmet çekýän bagbanlar häzir 5 gektar meýdanda kemala gelen miweli baglaryň dürli görnüşlerine güýzki agrotehniki çäreleri talaba laýyk geçirýärler. Döwrebap ýyladyşhanadaky pomidorlara hem ideg işleri göwnejaý alnyp barylýar. Ýyladyşhanada şu ýylyň awgust aýynyň ahyrlaryna oturdylan şitillerden ýetişen ýokary hilli pomidor hasyly ýygnalyp, sarp edijilere ugradylyp başlandy. Türkiýede, Gollandiýada öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler döwrebap tehnologiýalara, işläp taýýarlamalara hem-de kämil kompýuterlere daýanýar. Munuň özi ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talaba laýyk ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

- Ýetişen pomidorlar her günde tapgyrlaýyn esasda ýygnalyp alynýar. Ter hem-de ekologiýa taýdan arassa, tagamly önümler ýurdumyzyň içerki sarp edijilerine ýetirilýär. Şeýle-de onuň içerki bazardan artýan bölegi häzirki wagtda Russiýa Federasiýasyna ugradylyp başlandy.

Ýyladyşhanamyzyň işçileri Oguldöndi Magtymowanyň, Aýgül Kömekowanyň, Berdimyrat Bakaşewiň, Myrat Tyllaýewiň  tagallasy bilen ýygym möwsüminiň  ilkinji günlerinde 40 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnalyp alyndy. Möwsümiň ahyryna çenli onuň möçberini 1 müň tonnadan geçirmegi maksat edinýäris - diýip, ýyladyşhananyň ammar müdiri Amanberdi Muhyýew gürrüň berdi.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde