Elbukja
Türkmen zenanlary asyrlaryň dowamynda el işleriniň ençeme görnüşlerini döredip, olara mähir-yhlaslaryny siňdiripdirler. Kürte, çabyt, don, tahýa ýaly el işleri bilen birlikde, elbukjalary hem taýýarlapdyrlar. Olary taýýarlamak üçin aýratyn zähmet gerek bolupdyr. Elbukja dürli mata bölejiklerinden taýýarlanypdyr. Köýnek we beýleki zatlar tikilende galýan mata bölejiklerini elbukjany taýýarlamak üçin ulanyp, olara ikinji ömür beripdirler. «Ýok ýerden bar etdim, gyýkyndydan gül etdim» diýen aýtgynyň döremegi hem şunuň bilen baglydyr. Elbukja dürli nagyşlar hem salnypdyr. Onuň aýna-darak salynýan bukjalar, el işleri salynýan bukjalar, sep bukjalar ýaly ululygyna baglylykda görnüşleri bolupdyr. El işleri salynýan bukjalar aýna-darak salynýan bukjalardan uly bolupdyr. Sep bukjalar ondan uly bolup, durmuşa çykýan gyzyň lybaslary salnypdyr.
Welaýatymyzda elbukjalary tikilende, gelinleriň başyna atylýan kerpiç-kerpiç nagyşly ýüpek ýaglygy bolan çäşewi edilýän matadan hem taýýarlapdyrlar.
Halk döredijiliginde:
«Elbukjam-a, elbukjam,
Derýadan geçen bukjam.
Derýanyň ownuk daşy,
Ýeňňemiň galam gaşy.
Ýeňňem gelsin göreli,
Alyn saçyn öreli»
diýen ýaly elbukjalara degişli setirleriň bolmagy onuň gyz-gelinlerimiz üçin ähmiýetiniň uly bolandygyny görkezýär.