Ykdysadyýet
17.10.2026
67
Elektrik energiýasynyň öndürilişi artýar
Balkan welaýatyndaky elektrik energiýasyny öndürýän kärhanalar oňat zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberiniň şu ýylyň geçen döwründe 4 milliard 480 million kilowat-sagada barabar bolup, geçen ýyla garanyňda ösüş depgininiň 133 göterim ýokarlanmagy munuň subutnamalarynyň biridir. Şunuň ýaly iş netijesini gazanmakda Awaza hem-de Balkanabat döwlet elektrik desgalarynyň hyzmaty uludyr.