Ene kalbynyň owazy
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramagynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik «Zenan kalbynyň owazy» diýlip atlandyryldy.
Ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýän eneleriň perzentlerine bolan söýgülerini hüwdüleriň üsti bilen beýan edişlerini wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşan zenanlar çeper sözlerde zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň ýokary derejelere göterilýändigini wasp etdiler, özleri we maşgala agzalary bilen tanyşdyrdylar. Asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlarymyza eýerip, bäbejigi gundadylar. Çagany gundamakda ulanylýan arlyklaryň we alajalaryň ähmiýetini düşündirdiler.
Soňra eneler bäbejigi sallançaga salyp, öz ýürek arzuwlary siňen hüwdüleri joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň hüwdi aýdyp durkalar ýeň-ýakalary keşdelemekleri, alaja örmekleri, ýagny dürli el işlerini ýerine ýetirmekleri aýratyn täsirli boldy. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň folklor ýolbaşçysy Güljemal Penaýewa we welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Aýgül Baýramowa baş baýraga mynasyp bolmagy başardylar. Esenguly etrap medeniýet merkeziniň medeni çäreleriň guramaçysy Aşyrbibi Aşyrowa, şol etrabyň Ekerem şäherçesiniň medeniýet öýüniň tans goýujysy Altyntäç Mämmedowa birinji, Türkmenbaşy şäherindäki 13-nji çagalar bagynyň aşpezi Şemşat Gutlyýewa, şol şäherdäki 6-njy çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Amangül Hangeldiýewa ikinji, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň tans goýujysy Ogulgerek Amangeldiýewa, Türkmenbaşy şäheriniň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Täzegül Ýaýlymowa üçünji orunlary eýelediler.