
Eneleriň kalplaryny buýsanja beslän baýram
Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk çäreleri Balkan welaýatynda hem biri-birine ulaşyp, Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we mynasyp terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy şol baýramçylyk çäreleriniň möhüm bölegine öwrüldi. Onda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneler tüýs ýürekden gutlanyldy. Köp çagaly enelere Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň aýratyn ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy. «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan eneler her bir maşgalanyň abadançylygy babatda döredilýän şertler, mynasyp nesilleri terbiýelemekdäki goldaw-hemaýatlar üçin hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler. Sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary bolsa şeýle alkyş sözleriniň üstüni ýetirdi. Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesinden köp çagaly enelere döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylyş dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde bezemen sahnada şirin aýdym-sazlar joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly utgaşdy. Halkymyza mahsus toý dessurlary ýerine ýetirildi. Buýsanç duýgularyna beslenen gutlag çykyşlaryna uly orun berlip, alkyş hem hoşallyk sözleri täze ýaşaýyş jaýynyň açaryny ýüzlerine sylan köp çagaly eneleriň hem dilleriniň senasyna öwrüldi.