Energetikleriň guwandyryjy üstünlikleri
Milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly senagat pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynda gazanylýan üstünliklere Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri hem uly goşantlaryny goşýarlar. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda 1 milliard 331 million k/Wt sagat elektrik energiýasyny öndürmegi maksat edinýärler.
Awaza döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylda dabaraly ýagdaýda işe girizilip, onda jemi kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Gaz turbinalarynyň zerur halatynda dizel ýangyjynda işläp bilmegi olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir.
Taslama boýunça gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan başga-da, bu ýerde 15 sany podstansiýanyň gurlandygyny hem bellemek gerek. Häzirki zaman önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan elektrik desgasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge şert döretmek bilen birlikde, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň sazlaşykly işlemegine hem oňyn täsirini ýetirýär.
Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň zähmet topary üstümizdäki ýylyň geçen döwrüni mynasyp zähmet görkezijileri bilen jemlemegi başardy. Bu döwürde 743 million 398 müň k/Wt sagat elektrik togy öndürildi. Öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberi göz öňünde tutulandakydan 13 million 398 müň k/Wt sagat köp bolup, iş meýilnamasyna 102 göterim hötde gelindi. Önümçiligiň ösüş depgini bolsa 120 göterim ýokarlandy.