
Ykdysadyýet
22.01.2023
292
Energetikleriň işi ileri
Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylyny mynasyp zähmet netijelerine beslän kärhanalaryň biridir. Döwlet elektrik stansiýasy tarapyndan geçen ýylda öndürilen elektrik energiýasy 2 milliard 201 million 481 müň kilowat/sagada barabar boldy. Munuň özi bu döwür üçin öňde goýlan iş meýilnamasynda göz öňünde tutulandaka garanyňda 171 million 481 müň kilowat/sagada golaý köpdür. Netijede, iş meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirilip, uly zähmet ýeňşi gazanyldy.