Energetikleriň üstünligi

Ykdysadyýet
27.03.2023
161

Energetikleriň üstünligi

Şu ýylyň başyndan bäri welaýatymyzyň energetikleri içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan elektrik toguny öndürmekde netijeli zähmet çekdiler. Döwrebap tehnologiýalara daýanýan önümçilik desgalaryny netijeli peýdalanmak arkaly öndürilen toguň möçberi 811 million 600 müň kilowatt/sagat boldy. Önümçiligiň ösüş depgini 102,8 göterim ýokarlandy. Bu zähmet üstünliginde Balkanabat hem-de Awaza döwlet elektrik stansiýalarynyň işgärleriniň saldamly goşantlarynyň bardygyny nygtamak gerek.