Energetikleriň yhlasly zähmeti
Balkan welaýatynyň energetikleri gaýratly zähmet çekip, sebitiň ýaşaýjylaryny hem-de edara-kärhanalaryny üznüksiz elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmekde nusgalyk işleri bitirýärler. Mundan birnäçe ýyl öň welaýat merkezindäki ozaldan hereket edýän Balkanabat döwlet elektrik bekediniň kuwwatlylygynyň düýpli artdyrylmagy bilen, ol ýurdumyzyň beýleki künjeklerini-de elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ýylyň tutuş dowamynda üç çalşykda bökdençsiz işleýän desgada gaz turbinalarynyň goşmaça ikisiniň oturdylmagy toguň möçberini ep-esli artdyrdy. Şeýlelikde, bu ýerdäki podstansiýalar toplumy, ýapyk we açyk görnüşli beketler, welaýatyň merkezini üpjün edýän orta kuwwatlandyryjy desga, beýleki bölümler hemişe saz işledilýär. Bekediň kadaly işlemegi üçin zerur tebigy gazy bermek maksady bilen, hereket edýän awtomatik gaz paýlaýjynyň kuwwatlylygy bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Fransiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen beketde ulanyşda ýanýan gazlar arassalanyp, soňra ýörite gurlan tüsseçykarlar arkaly atmosfera goýberilýär.
Kämil kompýuter ulgamy arkaly gije-gündiziň dowamynda ygtybarly dolandyrylýan Balkanabat döwlet elektrik bekedinde şu ýylyň geçen dört aýynda 829 million 47 müň kilowat-sagatdan artyk elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi meýilnamanyň 101,5 göterime barabar ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 99 million kilowat-sagada golaý elektrik toguny artyk öndürmegi başaran kärhananyň hünärmenleri sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin yhlasly zähmet çekýärler.