Esasy borç — saglygy goramak we dikeltmek
Balkanabat şäherinde 2014-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen Balkan «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze enjamlar bilen üpjün edilip, gije–gündiziň dowamynda ilata tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenendir. Merkez kabul ediş bölüminden, 30 orunlyk gaýragoýulmasyz hirurgiýa bölüminden, 6 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminden we «Tiz kömek» bölüminden ybaratdyr. Kabul ediş bölüminiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary tehnologiki enjamlar bilen üpjün edilen barlag otaglarynda kompýuter tomografiýa, rentgen, ultrases, elektrokardiografiýa enjamlarynyň üsti bilen, şeýle hem barlaghana otagynda kesel kesgidini anyklamaga ähli mümkinçilikler bar. Kabul ediş bölüminiň barlaghanasynda umumy kliniki, biohimiki, serologiki, immunologiki we beýleki barlaglar geçirilýär. Merkezde gerek bolan ýagdaýynda näsaga kardiologiýa, newrologiýa, gastroenterologiýa, hirurgiýa, trawmatologiýa ugurlary boýunça gyssagly kömek bermek, gözegçilik etmek üçin intensiw bejergi we şoka garşy ýöriteleşdirilen otag hem bar. Bu ýerde ejir çekenlere ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi berlip, gerek bolan ýagdaýynda şol ýerde operasiýa edilip, soňra näsaglar reanimasiýa ýa-da ugurlar boýunça degişli bölümlerde ýatymlaýyn bejergä ýerleşdirilýär.