
Esasy maksat — netijeli hem-de ýokary hilli hyzmat
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýyndaky senagat zolagynda ýerleşýän «Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat ediş merkezinde esasy maksat netijeli hem-de ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmekden ybaratdyr. Bu hususy kärhanada işleriň geriminiň barha giňeýändigini nygtamak gerek.
Kärhananyň elektrik energiýasyndan netijeli hem-de howpsuz peýdalanmak üçin gerek bolan elektrik enjamlaryny satyn almak, synagdan geçirmek, ulanyşa tabşyrmak, zerur halatynda olarda abatlaýyş işlerini geçirmek ýaly hyzmatlaryna isleg bildirýän döwlet we hususy eýeçilikdäki edara-kärhanalar, önümçilik pudaklary örän köp. Bu ýerde ýöriteleşdirilen enjamlar we esbaplar arkaly 220 kilowata çenli bolan elektrik enjamlarynda dürli görnüşli barlaglar geçirilýär.
Müşderileriň aýratyn isleg bildirýän hyzmatlarynyň biri-de elektrik hereketlendirijilerini abatlamakdyr. Şunda hereketlendirijileriň sarym simleri täzeden saralýar we olar synagdan geçirilip, ulanyşa tabşyrylýar. Güýjenmesi 110 kilowata çenli bolan transformatorlary, dizel generatorlaryny abatlamak, olary dürli görnüşdäki synaglardan geçirmek işleri göwnejaý ýola goýulýar, ýörite buýurmalara laýyklykda önümçiliklerde, binalardyr desgalarda daşky elektrik tok paýlaýjy dürli ölçegdäki demir gutular hem taýýarlanýar. Taýýar bolan demir gutular reňklenýär hem-de içine gerekli enjamlar oturdylýar, synag-sazlaýyş işleri geçirilýär.
Ýangyn söndüriji enjamlary abatlamak, sazlamak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün edýän, öňünden duýduryjy enjamlary gurnamak, ýangyn söndürijileri doldurmak işleri hususy kärhanada üstünlikli ýola goýlan hyzmatlaryň ýene biridir. Ýangyn söndürijiler görnüşlerine laýyklykda, kömür kislotasy, howa köpürjigi we ýörite toz (poroşok) bilen doldurylýar. Olar dürli derejeli ýangynlary söndürmekde ulanylýar.
Ýerasty nebit nasos enjamlaryny we olaryň elektrik hereketlendirijilerini bejermek, sazlamak işleriniň ýola goýulmagy hususy kärhananyň köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň üstüni ýetirdi. Hyzmatyň bu görnüşine hem islegleriň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek.