“Etrek” elektrik bekedi ulanylmaga berildi

Ykdysadyýet
11.11.2024
40

“Etrek” elektrik bekedi ulanylmaga berildi

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynda Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen, güýjenmesi 220 kilowat “Etrek” elektrik bekediniň gurlup ulanmaga berilmegi hem munuň nobatdaky güwäsidir. Bu elektrik bekediniň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi.

Dabaradaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, elektroenergetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan wajyp taslamalar amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga şert döredýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary döredildi. Bu bolsa türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Açylyş dabarasynyň dowamynda täze desganyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.