
Futbol boýunça Ýewropanyň iň uly ýaryşy
Eýýäm 1960-njy ýyldan bäri her dört ýyldan Ýewropada däbe öwrülen futbol boýunça milli ýygyndylaryň arasyndaky bu uly ýaryş bu ýyl bolsa Germaniýa döwletinde geçiriler. 14.06.-14.07.2024-nji seneler aralygynda meýilleşdirlen bu halkara bäsleşige jemi 24 sany milli ýygyndy gatnaşar. Ýewropanyň taryhynda 17-nji gezek geçiriljek ýaryşyň duşuşyklary Germaniýanyň Berlin, Gamburg, Gelzenkirhen, Dortmund, Düsseldorf, Kýöln, Leýpsig, Mýünhen, Frankfurt we Ştutgart şäherleriniň baş stadionlarynda geçiriler. 24 sany milli ýygyndylaryň jemi 19 sanysy soňky Ýewro-2020 çempionatynda çykyş edendir. Özüniň taryhynda ilkinji gezek gatnaşmaga hukuk gazanan Gruziýanyň milli futbol ýygyndysy hem ykjam taýýarlyk görýär.
Bu halkara çempionata gatnaşjak ähli futbol boýunça milli ýygyndylar jemi 26 futbolçydan ybarat bolan düzümlerini 7-nji iýuna çenli yglan ederler. Ýaryşyň dowamynda geçiriljek ähli duşuşyklarda jürlewik çaljak emin agzalaryň hem sanawy yglan edildi. Sanawda jemi 20 sany emin görkezilen. Ýewropanyň 14 ýurdundan 19 sany emin bolup, UEFA bn KONMEBAL federasiýalarynyň özara ylalaşyklary netijesinde Argentinaly ussat emin Fakunda Telýo hem 20-nji emin hökmünde çagyryldy. Ýewro-2024 çempionatynyň adatça açylyş oýuny bolsa ýer eýeleri Germaniýa we Şotlandiýanyň arasynda geçiriler.
Ýatladyp geçsek bu uly çempionatyň soňky ýeňijisi Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysydyr.