Gadymdan galan miras

Medeniýet
25.01.2023
364

Gadymdan galan miras

Gadymy türkmen durmuşynda agaç, keramika, metal önümleri bilen birlikde, daş önümleri-de aýratyn orun tutupdyr. Şeýle daş hem-de agaç önümlerinden bugdaý we beýleki däneli önümleri üwemekde has irki döwürlerde ulanylan hojalyk gurallarynyň biri-de soky we sokudaş bolupdyr. Olar, esasan, dag daşlaryndan hem-de berk agaç böleklerinden ýasalypdyr. Döwülýän dänäniň ýygnak durmagy üçin sokynyň ortasy oýtum görnüşde köwlüp, çuňlaşdyrylypdyr. Soňra sokuda dänäni ýençgilemek üçin, dag daşyndan ýa-da berk agaçdan timarlanyp inçeldilen sokudaş taýýarlanypdyr. Sokuda üwelýän unuň köp wagt alýandygy sebäpli, zenanlar uny çörek bişirmezden bir gün öň taýýarlap goýmaly bolupdyrlar.

Wagtyň geçmegi bilen, uny hil taýdan has ýumşak we arassa edip taýýarlamagyň täze usuly hökmünde dag daşlaryndan el degirmeni oýlanyp tapylypdyr. El degirmenleri göwrümleri boýunça dürli ölçegde bolupdyr. Öý şertlerinde ulanylýan el degirmeni arkaly ene-mamalarymyz gündelik zerur bolan bugdaýy üwäp, alnan undan çörek we beýleki zerur iýmitleri taýýarlapdyrlar.

Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginiň Arapjyk obasynyň ýaşaýjysy Ogulbolsun Mämmedowanyň öýünde el degirmeniniň saklanýandygynyň şaýady bolduk. Biz onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda: «Gaýynenemden miras galan degirmende guradylan narpyzy üweýärin. Saglygymyz üçin peýdaly bolan dermanlyk oty naharda, çaýda ulanýarys» diýip aýtdy.

Gadymyýetden habar berýän hojalyk gurallary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimizde hem saklanýar. Biziň günlerimize gelip ýeten, taryhymyzy açyp görkezýän gymmatlyklar halkymyzyň geçmişinden, ýaşaýyş-durmuşyndan habar berýär.