Gadymy suw desgalary

Medeniýet
15.12.2023
409

Gadymy suw desgalary

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri tebigy suw gorlaryndan peýdalanyp gelipdir. Gurak howa şertlerinde ata-babalarymyz suw üpjünçiliginiň usullaryny oýlap tapypdyrlar. Olar el güýji bilen gadymy suw desgalaryny: guýulary, kärizleri, kaklary gazypdyrlar.

Guýy: Guýy gazmak işi belli-belli, tejribeli guýy ussalaryna ynanylypdyr. Olar nireden suw çykjagyny, nireden suw çykmajagyny bilipdirler. Hatda suwuň hiliniň nähili boljagyny (ajymy, süýjümi, talhmy) hem öňünden çaklap bilipdirler. Guýularyň çuňlugy dürli-dürli bolupdyr. Welaýatymyzyň gum içindäki guýularynyň ortaça çuňlugy 40-50 metr, hatda, ondan hem ýokarrak bolupdyr. Çägesöw ýerlerden gazylýan guýularyň diwaryna opurylmaz ýaly sözenden ýa-da ýylgyndan çöwlük ýasap örüpdirler.

Käriz: Bu gadymy suw desgasyny gazmak üçin, ilki bilen oba ýaşululary, kethudalary guýy ussalary bilen aýratyn geňeş edipdirler. Maslahat bişirilenden soň, sadaka berlipdir. Bu gadymy suw desgalary dag eteklerinde ýapgydrak düzlüklerde gazylypdyr. Her käriziň arasy 20-25 metr çemesi daşlykda bolupdyr. Kärizler suw çykýança gazylyp, soň olary ýerasty söwler (kärizleri biri-birine birleşdirýän geçelge, akaba) arkaly birleşdiripdirler. Iň soňky käriziň aýak ujundan suwy ýeriň ýüzüne çykarypdyrlar. Halk arasynda «Käriz suwuny içen dertlemez», «Müň geçitden bir içit» diýen aýtgylar hem bar. Kärizleriň gadymylygyny käbir ylmy ýazgylarda Parfiýa döwletiniň döwri bilen baglanyşdyrýarlar. Welaýatymyzyň Gyzylarbat, Bereket, Türkmenbaşy etraplarynyň çäginde kärizleriň gadymy yzlaryna köp duş gelinýär. Bereket etrabynyň Isgender obasynda şeýle käriz ulgamynyň 3 sanysy bar.

Kak: Gum içindäki takyrlaryň çökedräk ýerlerine ýygnanýan ýagyş, gar suwlaryna kak diýilýär. Balkan sebitlerinde bu suw ýatagyna «sowma», «guýma» hem diýilýär. Şol guýmalardan peýdalanýan çarwalar oňa suw ýygnamak üçin, ýörite goşmaça joýa, ýap çekipdirler. Bereket etrabynyň gum ýakalarynda kaklar bar.