Gadymyýetden gözbaş alýan zergärçilik sungaty

Medeniýet
24.05.2025
159

Gadymyýetden gözbaş alýan zergärçilik sungaty

Zergärçilik sungaty ata-babalarymyzyň miras galdyran gymmatlyklarynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Bu sungat öz gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdyp, gözellige baý bolan milli mirasdyr. Türkmen şaý-sepleri çeperçilik taýdan kämilligi, köpdürlüligi we mazmuny boýunça köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň ýasalyşynda, atlandyrylyşynda halkyň geçmiş taryhy, milli we medeni aýratynlyklary, ruhy dünýäsi we döredijilik ukyby öz beýanyny tapypdyr. Özüniň owadanlygy, gözegelüwliligi, ýasalyş aýratynlygy bilen ähli zenanlary özüne maýyl edip bilýän milli şaý-seplerimizi synlanyňda, kalbyňa nurana gözellik çaýylýar. Diňe gözellik bilen päkligiň sepleşýän ýerinde şeýle ajaýyp sungatyň döreýändigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Aslynda, gymmatbaha metallary we daşlary çeperçilik taýdan işlemek, olardan ajaýyp nusgalary döretmek türkmenleriň durmuşynda mynasyp orny eýeläp gelipdir. Türkmenistanyň çäginde zergärçilik hünäri hemme ýere deň ýaýrapdyr. Her obada meşhur zergärler bolup, olaryň wezipesi diňe bir dürli şaý-sepleri ýasamakdan ybarat bolman, eýsem, özünden soň hünär ýitmez ýaly şägirtleri taýýarlamak hem bolupdyr. Taryha ser salanymyzda, rus alymlarynyň, syýahatçylarynyň, geograflarynyň dürli maksatlar bilen Orta Aziýanyň giňişliklerine syýahat edendikleri baradaky maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Olaryň ýol ýazgylarynda ata-babalarymyzyň milli mirasy, sungaty, däp-dessurlary hakyndaky gymmatly maglumatlar beýan edilipdir. Şeýle taryhy öwrenijileriň biri hem Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge uly goşant goşan, taryh ylymlarynyň doktory, professor Wiktor Iwanowiç Sarianididir. Onuň Murgap derýasynyň köne hanasynyň aýagyndaky gadymy gündogar şalygyny öwrenmek bilen bagly alyp baran işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Alym özüniň arheologik işiniň dowamynda türkmen halkynyň gadymylygy bilen baglylykda dürli taryhy gymmatlyklaryň hem üstünden barýar. Şolaryň hatarynda türkmeniň milli şaý-sepleri bilen bagly gymmatly tapyndylaryň bolmagy buýsançly ýagdaýdyr. W.I.Sarianidiniň: «Marguşlylar mis şaý-sepleri hem ýasapdyrlar. Meselem, şol şaý-sepler gunça görnüşindäki gelşikli, üsti uzyn iňňebagjyklar, başga bir ýagdaýda bolsa barmaklary bilen gunçany gysyp duran adam aýasy görnüşinde şekillendirilipdir» ýa-da «Has barjamly marguşlylar ýerli zergärlere altyn şaý-sepleri buýrupdyr» diýen taryhy maglumatlary biziň ata-babalarymyzyň bu senediniň gözbaşyny taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Fransuz syýahatçysy Genri de Blokwil türkmen halkynyň XIX asyrdaky taryhy baradaky ýatlamalarynda türkmen halkynyň durmuşynyň däp bolan etnografik aýratynlyklaryny takyk maglumatlar bilen beýan edýär. Ol türkmen gyz-gelinleriniň bezeg şaý-sepleriniň owadanlygyny, nepisligini we özboluşlylygyny teswirlemek bilen, olary kelle, gursak (döş), gol bezegleri ýaly toparlara hem bölýär. Onuň ýatlamalarynda türkmen zenanynyň örän çylşyrymly ýagdaýa düşäýmese öz şaý-sepini satmaýandygy ýa-da başga bir zada çalyşmaýandygy aýratyn bellenilýär. Hususan-da, gyz-gelinleriň bezeglerindäki düwmeleriň we gotazlaryň özboluşlylygyny aýratyn suratlandyryp: «Haçan-da, birnäçe zenan bilelikde suwa gidenlerinde, olary örtýän şaýlaryň şyňňyrdysy gündogar kerweniniň birnäçe jaňlarynyň sesini ýatladýar» diýip ýazýar. Türkmen zergärçilik sungatyna mahsus bolan häsiýetli aýratynlyk, her bir şaý-sepiň diňe bir ussa degişli eserligidir. Zergär ýasan önümine hut özüne mahsus bolan döredijilik aýratynlygyny siňdiripdir. Umuman, türkmen zergärleri köneden gelýän däbe eýerip, önümleriň milli özboluşlylygyny saklamaga çalşypdyrlar.