Gahrymanlara baky şöhrat!

Çäreler
16.05.2024
443

Gahrymanlara baky şöhrat!

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçildi.

Şol gün ir säher bilen welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň ajaýyp künjeginde bina edilen «Baky ot» ýadygärligine gül goýmak çäresi geçirildi. Bu ynsanperwer dessuryň başyny ýaşuly nesliň wekilleri, zähmet weteranlary başladylar. Soňra edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, ýaşlar we şäheriň ýaşaýjylary «Baky oda» ter gül desselerini goýup, Watan üçin janyny orta goýup söweşen gahrymanlary hatyraladylar.

Täze habarlar