“Galkan” finalda

Sport
19.04.2024
218

“Galkan” finalda

Aşgabatda dowam edýän hokkeý boýunça halkara ýaryşda toparçadaky jemleýji duşuşygyny geçiren “Galkan” toparymyz ildeşlerimizi ýene-de bir uly hasaply ýeňiş bilen begendirdiler. “Galkan” - “Feniks” (Özbegistan) toparlarynyň arasynda geçen çekeleşikli duşuşygyň umumy hasaby 9:1 bolup jemlendi.

Duşuşykda derwezede peýda bolan 10 şaýbanyň 9 sanysy myhmanlaryň derwezesinde bolup, edil “eli galkanly” derwezebanlarymyzyň yhlasy bilen ýekeje şaýba bolsa biziň derwezämize girdi. Eýýäm oýunyň 1-nji ýarymyny 3:0 hasapda tamamlan hokkeýçilerimiz hüjümde we goranyşda sazlaşykly oýuny alyp bardylar. Oýunyň ýatdan çykmajak pursatlarynyň biri bolsa 12-nji belgide çykyş edýän 22 ýaşly ýaş hüjümçimiz Perhat Atekäýewiň 5 gol geçirmegi boldy. Özüniň çalasyn we dürs oýny bilen tapawutlanan Perhat Atekäýewiň hasabynda öň hem 4 gol bolup öz şahsy gollarynyň sanyny 9-a çykardy. Şeýlelikde, duşuşykdan öň netijeli oýunçylaryň sanawynyň başyny 8 gol bilen “Feniksiň” hüjümjisi Behruz Najmiýew çekýän bolsa, onuň ornuny Perhat Atekäýew eýelemegi başardy.

Ýeňilmezek “Galkan” hokkeý toparymyzy finala çykmagy bilen gutlaýarys we ýaş hüjümjimiz Perhat Atekäýewe final duşuşygynda hem tapawutlanmagyny arzuw edýäris.