
“Galkan” ýeňişli ýoluny dowam edýär
Paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän halkara hokkeý ýaryşynyň ikinji gününde ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýän “Galkan” topary öz toparçasynyň başyny çekýär. Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän sport kluby toparçasyndaky ikinji duşuşygyny Oman döwletiniň topary bilen geçirdi we ildeşlerimiz turuwbaşdan oýnuň depginini ele almagy başardylar. Netijeli geçirilen hüjümlerden dürs peýdalanmagy başaran türkmen hokkeýçileri 15:1 hasabynda ýeňip, özleriniň ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly gelen topardygyny ýene-de bir gezek subut etdiler. Türkmen janköýerlerine ajaýyp ýeňşi sowgat edip, gazanan ikinji ýeňşinden soň 6 utuk toplan “Galkan” topary toparçasynyň başyny çekýär, munuň özi bolsa türkmen toparynyň ýeňşe bolan umytlaryny has-da artdyrýar.