Galkandan şaýba ýagmyry...

Sport
18.04.2024
138

Galkandan şaýba ýagmyry...

Ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony bolan “Galkan” hokkeý topary diňe ýeňişe tarap ynamly barýar. Ezber hokkeýçilerimiz ýaryşyň ikinji aýlawynda duşuşan “Oman Nationals” (Oman) hokkeý toparyny has uly hasapda ýeňmegi başardylar. Gyzgalaňly geçen duşuşyk 15:1 hasapda ýer eýeleriniň ýeňişi bilen jemlendi.

Ýeňilmegi unudan “Galkan” hokkeý toparymyzyň görkezen sazlaşykly we ynamly oýuny hokkeý janköýerleriniň çempionlyga bolan umydyny has-da güýçlendirdi. Turuwbaşdan hüjüme okdurylýan hüjümçileriň urgulary we eýýäm ikinji oýun bolmagyna garamazdan derwezesinde iki sany şaýba gören derwezeban üçin alkyş sesleri oýun pursatynda belentden ýaňlandy. “A” toparçadan birinji bolup çykmagy maksat edinen “Galkan” hokkeý toparymyz soňky duşuşygy Eýranyň “Ice Box Iran Mall” hokkeý topary bilen geçirip, 13:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.