«Galkynyş» topary Balkanabatda
Şu ýylyň ilkinji aýynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagynyň şanyna Balkanabat şäherinde geçirilen dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Şatlyk-şowhunly dabaraly çäreler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek bilen garşylanmagy arkaly badalga aldy. Bu ýerde joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny artdyran medeni çykyşlarda beýik özgertmeleriň, behişdi ahalteke bedewleriniň, şanly ýylyň beýik tutumlary taryplandy. Halkymyzyň ýagşy yrym-ýörelgesine eýerilip, «Galkynyş» toparyna dagdan agajyndan ýasalan nalyň gowşurylmagy aýratyn ýatda galyjy boldy. Şeýle-de, toparyň agzalary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan milli atçylyk sungatyna, amaly-haşam, el işlerine degişli sergini synladylar. Şunuň ýaly täsirli çärelerden soňra toparyň agzalary ahalteke bedewlerine atlanyp, şäheriň döwrebap şaýoly boýunça guran toý ýörişi arkaly «Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ugur aldylar. Onuň dowamynda guralan medeni çäreler dabaraly ýörişiň şowhunyny has-da artdyrdy. Döredijilik tans toparlarynyň gelin edinmek dessuryndan görkezen parçalary, sungat ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýalary hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan medeni çykyşlar dabaraly çäreleriň mazmun baýlygynyň üstüni ýetirip, halkymyzyň gamyşgulak bedewlerimize bolan çäksiz buýsanjynyň beýanyna öwrüldi. Ýürekleriň töründen çykýan şeýle hoşallyk sözleri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda dowam eden buýsançly çykyşlaryň, belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlaryň, ýerine ýetirilen küştdepdidir gazallaryň içinden hem eriş-argaç bolup geçdi. Dabarada «Galkynyş» toparynyň täsirli çykyşlaryna orun berilmegi aýratyn ýatda galyjy boldy. Toparyň agzalarynyň çapyp barýan bedewleriň üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän oýunlary, çalasyn hereketleri hemmeleri haýran galdyrdy. Olaryň çykyşlary dowamly ýaňlanan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Sungat ussatlarynyň bedewlere atlanyp, ýerine ýetiren şirin aýdymlary dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi.