Galla ekişine girişildi
Galla ekişine girişilmezden ozal möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagy mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň guramagynda maslahat geçirilip, onda agrosenagat toplumynda ýetilýän belent sepgitlere, gazanylýan üstünliklere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmakda öňde durýan wezipeler barada durlup geçildi. Güýzlük bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň, bu işlerde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyň wajypdygy çykyşlarda aýratyn nygtaldy.
Jogapkärli möwsümiň başlanmagy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelenç hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Oňa gatnaşyjylar halkymyzyň gadymy daýhançylyk tejribelerini açyp görkezýän taryhy gymmatlyklar, şeýle-de täze taryhy eýýamda oba hojalygynda ýetilýän sepgitleriň beýany bolup durýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Dabaralar soňra esasy çäräniň geçýän ýerinde, ýagny Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda dowam etdi. Alty ganat ak öýleriň, dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary, giňden ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam, el işleriniň, oba hojalyk önümleriniň sergileri dabaranyň geçýän ýerine aýratyn bezeg berdi. Gelin-gyzlaryň ümeçilik dessuryndan görkezen parçalary, ak bugdaýyň unundan dürli çörek önümlerini taýýarlaýyşlary dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sahna ussatlarynyň gadymy daýhançylyk däplerimizi beýan edýän çykyşlary, medeniýet we sungat ussatlarynyň daýhanlaryň göreldeli zähmetini, bagtyýar durmuşymyzy taryplaýan joşgunly aýdym-sazlary dabaranyň şowhunyna şowhun goşdy. Soňra halkymyzyň asylly däbine görä dilleri senaly ýaşulular «Bismilla!» diýip, güýzlük bugdaý ekişine başlap berdiler. Ýokary öndürijilikli ekiş tehnikalary bolsa köpçülikleýin ekişe girişdiler.
Şu ýyl Balkan welaýatynda 50 müň gektar meýdanda bugdaýyň «Alekseýiç» hem-de «Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler. Ekiljek şonça meýdandan 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilýär. Ekiş geçirmekde kuwwatly traktorlaryň 125-si, ekiji enjamlaryň bolsa 117-si gallaçy kärendeçileriň hyzmatynda bolar. Tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 26-sy hereket eder. Ekişe gatnaşyjylara ediljek medeni we söwda hyzmatlary umumy işe oňyn itergi berer.