Galla oragyna girişildi
Balkan welaýatynda galla oragyna guramaçylykly girişildi. Möwsümiň başlanmagy mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen geňeş-maslahaty ýokary işjeňlige beslendi. Welaýat, etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda galla oragyny ýokary derejede guramak bilen bagly meseleler üns merkezinde boldy. Galla oragynyň öň ýanynda öňdebaryjy mehanizatorlaryň, oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan täsirli gezelenji hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Şeýle çäreleriň dowamy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirilen ekin meýdanynda geçirilen galla oragyna ak pata bermek dabarasyna utgaşdy. Altmyş başly ak öýleriň, dürli oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary, giňden guralan sergiler dabaranyň geçýän ýerine aýratyn bezeg berdi. Täze taryhy eýýamy, abadan durmuşymyzy, daýhanlarymyzyň zähmet üstünliklerini taryplaýan şirin aýdym-sazlaryň hoş owazy belentden ýaňlandy. Şunuň ýaly baýramçylyk şowhuny bilen, asylly däbe görä, ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna badalga berildi. Soňra galla oragyny ýokary öndürijilikli, kuwwatly kombaýnlar dowam etdirdiler. Hususyýetçi ekin meýdanynda bugdaýyň Russiýadan getirilen «Alekseýiç» sortuny ekip, ondan örän oňat gögeriş almagy başardy. Bugdaýyň bu görnüşi hasyllylygynyň ýokarylygy arkaly tapawutlanýar. Balkan welaýatynyň gallaçylary üstümizdäki ýylda 50 müň gektar meýdandan ak bugdaýyň 80 müň tonnasyny ýygnap almaga borçlanýarlar. Olar arzyly sepgide ýetmek üçin möwsümiň dowamynda kombaýnlaryň 156-synyň, awtoulaglaryň 780-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanarlar. Tehnikalaryň bökdençsiz we öndürijilikli işlemekleri üçin ýörite hyzmat ediş toparlarynyň 26-sy gije-gündiz iş üstünde bolarlar. Gündelik ýygnalýan bugdaý hasyly «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat hem-de Bereket etraplaryndaky galla kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşalar.
Dabaranyň geçýän ýerinde öňde duran möhüm wezipelere bagyşlanan iş maslahaty hem geçirildi. Onda welaýatyň oba hojalyk toplumynyň degişli hünärmenleri, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleri çykyş edip, galla oragyna gatnaşjak kombaýnlaryň iş düzgünleri, ýygnalan hasyly barlamagyň hem-de saklamagyň kadalary, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmeginiň möhüm ähmiýeti barada gürrüň berdiler.