
«Gara altyn» çagalara gujagyny açdy
Ýurdumyzyň beýleki çagalar sagaldyş merkezlerinde bolşy ýaly, “Gara altynda” hem ýaş nesliň oňaýly dynç almagy, saglygyny berkitmegi we sazlaşykly ösmegi üçin ajaýyp şertler döredildi. Çagalar üçin kitaphana, mejlisler zaly, kompýuter otagy, tomusuna we gyşyna sport bilen meşgullanmak üçin zallar, tans we oýun oýnalynýan meýdançalar, el işleri we aýdym-saz otaglary, tennis kortlary, dynç alyş otaglary we naharhana bar.
Çagalar dynç alyş merkezi türkmen topragynyň ekologiýa taýdan arassa künjeginde – tebigy gözelligi we ajaýyp howa aýratynlyklary bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär.
Olaryň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri, kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen birlikde, çagalaryň dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri ugrunda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda körpeler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar.
“Gara altyn” sagaldyş merkeziniň tapawutly aýratynlygy çagalar üçin nebit we gaz ýataklaryna gezelençleriň guralmagy bolup durýar. Olar pudagyň düzümleýin desgalary, deňizdäki nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek, ene-atalarynyň hünärleri bilen ýakyndan tanyşýarlar.
Çagalaryň güler ýüzleri we şadyýan sesleri – täze taryhy eýýämyň ýokary gymmatlyklarynyň dabaralanmagynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyň ajaýyp subutnamasydyr.