«Gara altynly» guýular
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmek, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek, bu topluma döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary şu ýylyň geçen üç aýynda täze guýularyň altysyny gazyp, nebitgaz çykaryjylara ulanmaga berdiler.
Gazanylan zähmet üstünliginde Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylarynyň hem mynasyp goşantlary bar. Demirgazyk Goturdepe känindäki 390-njy we 231-nji guýulary nebitçilere ulanyşa tabşyran burawlaýjylar ýakynda Goturdepe käninde taslama çuňlugy 2600 metr bolan 1807-nji guýynyň gazuw işlerini hem üstünlikli tamamladylar. Bu guýynyň 2534-2535 metr çuňlugyndan ýangyç çig malynyň senagat akymy alyndy. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Guýy bir gije-gündizde 12 tonnadan gowrak «gara altyn» berýär.