
Ykdysadyýet
02.05.2023
204
«Gara altynyň» çykarylyşy artýar
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri üstümizdäki ýylyň geçen döwründe meýilnamany 112 göterim ýerine ýetirdiler. Munuň özi müdirlik boýunça bu döwürde nebit berýän guýulardan çykarylan nebitiň umumy möçberiniň 90 müň 832 tonna barabar bolandygyny aňladýar. Kärhananyň «gara altyn» ussatlary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 124 göterim ýokarlandyrmagyň hötdesinden geldiler. Bu bolsa önümçiligiň ösüş depgini babatda ugurdaş kärhanalaryň arasynda gazanylan iň ýokary görkezijileriň biridir.