Garagaç

Ýurduň çäginde
13.09.2025
155

Garagaç

Güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, ýagny daglyk ýerlerinde, medeni zolaklarynda ösýän bezeg agaçlarynyň biri-de garagaçdyr. Bu daragt dünýäniň dürli yklymlarynda gabat gelýär we onuň jemi 160-dan gowrak görnüşiniň bar diýlip hasaplanylýar. Biziň ýurdumyzda onuň, esasan, iki görnüşi, ýagny kertik ýaprakly hem-de pes boýly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Garagajyň boýy 10 metrden 40 metre çenli bolup, gyrymsy görnüşleriniň boýy 5 metr töweregidir. Bu agajyň ýapraklarynyň gyralary diş-diş şekilindedir. Gülleri, görnüşine görä, galkana, saýawana meňzeşdir. Garagajy ýetişdirmegiň oňaýly tarapy onuň şorlaşan toprakly ýerlerde hem ösüp bilýänligindedir. Ol ýagtylygy halaýan ösümlik bolup, çalt ösýär. Şeýle-de yssa, sowuga, ýaramaz howa şertlerine çydamlydyr. Bu agajyň örän berk bolýandygy sebäpli, ir döwürlerde ondan juwazyň okuny hem ýasapdyrlar.