Garagurt

Syýahatçylyk
25.11.2024
18

Garagurt

Halkymyz tebigy önümlerden dürli tagamlary taýýarlap gelipdir. Şolaryň birem garagurtdur. Ol aýranyň ýa-da peýniriň syzylyp çykan suwunyň içine buýanyň köki atylyp, gaýnadylyp taýýarlanýan iýmit önümidir. Häzirem bu iýmit taýýarlanylýar.

Aýran ýa-da peýniriň suwy gaýnadylyp, içine buýanyň köki atylýar. Bilşimiz ýaly, buýan köküniň hem dermanlyk häsiýeti ýokarydyr. Soňra ýene goýalýança gaýnadylýar. Garagurt gaýnatmak köp wagty talap edýär. Ýanmaz ýaly bulap durmaly. Bulamak üçin söwüt ýa-da üzüm  çybygynyň birnäçesi eplenip  kepgir, uly çemçe hökmünde ulanylýar. Mazaly  goýalansoň, sowamak üçin goýulýar. Soňra eliňde togalamaly we  guratmaly. Turşuja tagamly garagurt halk lukmançylygynda ulanylýar.